140
ŞANLY SENELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Türkmenistanyň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl boldy. Bu abraýly gurama tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Şoňa görä-de, ýokary guramaçylykly geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasy we onuň işiniň esasy ugurlary boýunça talyp ýaşlaryň bilimlerini baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Maslahata gatnaşyjylar abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.