
759
Raýatlaryň hukuk goraglylygy
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hem-de institutyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi barada maslahat geçirildi.
Çäräniň umumy mazmunynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen daşary ýurtly, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi we olaryň hukuk esaslary hakynda gürrüň berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri öz çykyşlarynda Migrasiýa hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Bosgunlar hakyndaky Kanunyň üsti bilen şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onuň çäginde bolmagynyň we Türkmenistanyň çäginden gitmeginiň tertibi barada bellenildi. Şeýle-de, Türkmenistanda Migrasiýa ýagdaýlarynyň çygryndaky hukuk gatnaşyklary, Türkmenistanda Migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary hakynda giňden tanyşdyryldy.
Talyplaryň dykgatyna daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryyň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagy, ýagny Türkmenistanda zähmet şertnamasy ýa-da işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça raýat-hukuk häsiýetli şertnama esasynda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk raýatlaryň amala aşyrýan işi we onuň düzgünleri barada maglumatlar ýetirildi.
Çäräniň dowamynda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk raýatlaryň ýurdumyzyň raýatlygyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibinde kabul edilmeginiň düzgünleri giňden düşündirildi. Çykyş edenleriň her biri hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýna BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI