
77
Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň guramagynda "Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary” dersi boýunça 1-nji ýyl talyplaryň arasynda prezentasiýa bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady talyp ýaşlara psihologiýa we pedagogika dersi bilen bir hatarda psihologik kanunlary öwretmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin häzirki zaman ylymlaryny innowasion tehnologiýalar bilen bilelikde psihologiýa taýdan hem öwrenmek zerurlygy hem ýüze çykýar. Bäsleşigiň şertine görä, talyplar öz taýýarlan prezentasiýalary bilen gyzykly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň gelen netijelerine görä, ýeňijilere guramaçylyk topary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Eneş GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.