Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜŞÜNJELERINE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜŞÜNJELERINE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜŞÜNJELERINE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    25/11/2025

    385

    PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜŞÜNJELERINE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI

    2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleriniň taryhy köklerinde dilşynaslyk başarnygynyň kemala gelmegi» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, esasan, dilşynaslyk ylmynyň ösüşine, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemine, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetine bagyşlandy.

    Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Atajanowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gülälek Hangeldiýewa, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň uly mugallymy Körpe Atanyýazowa çykyş etdiler.

    Ylmy-döredijilik maslahatynyň dowamynda çykyş eden myhmanlar parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleriniň türkmen halkynyň taryhynda we edebi mirasynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde öňe sürülýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dil serişdeleri arkaly çeper beýan edilişi dogrusynda gymmatly pikirleriň üstünde durup geçdiler.

    Çäräniň esasy üns merkezinde duran meseleleriň biri hem ene dilimiz bolan türkmen dilini gorap saklamak bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegiň zerurlygy boldy. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda möhüm orun tutýan terjimeçilik işiniň inçe syrlary we onuň halklary ýakynlaşdyrmakdaky hyzmaty barada hem bellenilip geçildi.

    Institutyň talyplary üçin uly ähmiýete eýe bolan bu maslahat, ýaşlaryň ylmy-döredijilik gözleglerine badalga bolup, olaryň dilşynaslyk babatdaky bilimlerini has-da çuňlaşdyrmaga ýardam etdi.


    Hemragylyç NURMÄMMEDOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY surady

    21/01/2026

    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI