Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN WE IŇLIS DILLERINDE HABARYŇ GÖRNÜŞLERINIŇ, AŇLADYŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ DEGŞIRME DERŇEWI
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ближний Восток должен быть зоной мира и согласия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MUZEÝINDE TANYŞLYK DUŞUŞYGY
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Parahatçylygyň ýaş çaparlary / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: yhlasa mynasyp baha
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: yhlasa mynasyp baha surady
    31/05/2024

    2279

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: yhlasa mynasyp baha

    2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan institutyň mugallymlaryny, işgärlerini hem-de talyplaryny sylaglamak dabarasy boldy.
    Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen açylan Ýaş diplomatlaryň mekdebi ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ykbalyny diplomatiýa hünärine baglamak isleýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak babatda uly işleri alyp barýar. Bu ugurda dürli olimpiadalar, ders bäsleşikleri geçirilýär. Olaryň iň naýbaşysy «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigidir. Bu bäsleşik mekdep okuwçylary üçin diplomatiýa dünýäsine özboluşly girelgedir. Onuň üstünlikli geçirilen iki möwsüminiň ýeňijileri bu günki gün türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň bagtyýar talyplarydyr.
    Ýakynda bolsa bu meşhur akyl-paýhas bäsleşiginiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilen III möwsümi üstünlikli jemlendi. Sylaglamak dabarasynda bäsleşigiň bu möwsüminiň degişli talaplara laýyklykda ýokary guramaçylykly geçirilmegi, ýaýlyma birkemsiz gitmegi, onuň her bir pursadynyň özboluşly öwüşginler bilen bezelmegi üçin yhlasly zähmet çeken institutyň mugallymlaryna, işgärlerine hem-de talyplaryna minnetdarlyk bildirildi. Bu babatda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallym, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýna Baýmuradowa, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Gülnabat Begenjowa, institutyň okuw studiýasynyň işgäri Mekan Öwezberdiýew, şeýle-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary — Şasenem Meýlisowa, Nurmuhammet Annamyradow, Muhammet Haýdarow, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary — Döwletgeldi Borjakow, Amangeldi Ýegenow, Serdar Borjakow, Humaý Meredowa dagylar ýokary işjeňlik görkezdiler. Olara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Bu dabara biziň ýurdumyzda, şol sanda ýokary okuw mekdebimizde hem yhlasly, tutanýerli çekilen zähmete mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY surady

    08/04/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY surady

    18/03/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY surady

    25/02/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI