Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Parahatçylygyň ýaş çaparlary / «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI
    06/03/2024

    2472

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: III MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI

    2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýny geçirildi. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň VII saýlama oýny «XVIII asyrda – XIX asyryň I çärýeginde Hywa hanlygynyň we Buhara emirliginiň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy» diýen tema boýunça geçirildi.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýnuna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güýçmyrat Gulamow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Jumamyrat Orazmyradow, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Maksatmyradow, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Serdarowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Durdykowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Söýli Ýazberdiýewa dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Gummanowa dagy adalatly eminlik etdiler.
    Bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçip, onuň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow dagy ýeňiji boldular. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara institutyň adyndan Hormat hatlary, Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp institutymyz tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň umumy adamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalar ýygyndysy, şeýle-de hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Bäsleşigiň III möwsüminiň VII saýlama oýnuna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Düwmejik» hususy kärhanasy, «Ak menzil» hususy kärhanasy hemaýatkärlik etdiler.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşige ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenportal.com/tm/blog/75015
    Turkmen TV
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň VII s (turkmenistaninfo.gov.tm)




    Soňky täzelikler

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüm jemlendi surady

    07/05/2025

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüm jemlendi
    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMINIŇ FINAL OÝNUNYŇ “BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI KUWWATYNYŇ  DABARALANMAGY” TEMASY surady

    25/04/2025

    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMINIŇ FINAL OÝNUNYŇ “BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI KUWWATYNYŇ DABARALANMAGY” TEMASY
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsümiň II ýarym final oýny surady

    25/04/2025

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsümiň II ýarym final oýny
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI