16/09/2026
67
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Karamamalaryň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Amangeldi Rahmanow alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda professor A.Rahmanow Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň BMG-niň çäklerinde giňden goldanylýandygyny, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň esasynda kabul edilen karamamalaryň halkara ähmiýeti we olaryň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem çykyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy barada bellenildi.
Sapagyň ahyrynda talyplar halypa diplomata beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we oňa özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçillkleri döredýär.
Ogulsenem MAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby