Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    27/02/2026

    102

    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    I. Umumy düzgünler
    Bu düzgünnama Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Bütindünýä şygryýet güni hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly döredijilik festiwalyny (mundan beýläk – festiwal) guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär hem-de festiwalyň dowamynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Düzgünnama «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty we medeni ösüş boýunça kabul eden döwlet maksatnamalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
    Festiwal Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hemaýat bermeginde (gatnaşmagynda) geçirilýär.
    Festiwala Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda geçiriler.
    Festiwalyň çäklerinde geçirilýän ähli çäreler ÝUNESKO-nyň parahatçylyk medeniýetini berkitmek boýunça maksatlaryna hem-de Nowruz baýramynyň adamzady birleşdiriji, dostlukly we ynsanperwer mazmunyna laýyk gelmelidir.
    II. Festiwalyň maksady
    Festiwalyň esasy maksady:
    – 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryny hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini giňden wagyz etmekden;
    – ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekden;
    – zehinli we döredijilik ukyby ýokary bolan ýaşlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.
    III. Festiwalyň wezipeleri
    Festiwalyň esasy wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
    – ýaşlaryň döredijilik, çeper pikirlenme we medeni ukyp-başarnyklaryny ösdürmek;
    – Nowruz baýramynyň taryhy, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary barada bilim derejesini ýokarlandyrmak;
    – parahatçylyk, ynanyşmak we medeni dialog ideýalaryny ýaş nesliň arasynda wagyz etmek;
    – ýaşlary milli we halkara medeni mirasa hormat goýmak ruhunda terbiýelemek;
    – ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmak;
    – döredijilik başlangyçlaryny, sport oýunlaryna bolan gyzyklanmany goldamak we höweslendirmek.
    IV. Festiwalyň tapgyrlary we mazmuny
    Festiwal üç esasy tapgyrdan ybaratdyr:
    Birinji tapgyr – sergi tapgyry, onda talyplar we magistrler Nowruz baýramyny giňden belleýän belli bir döwletiň medeniýetini, milli lybaslaryny, el işlerini we tagamlaryny görkezýän sergi taýýarlaýar.
    Ikinji tapgyr – döredijilik tapgyry, onda talyplar we magistrler tarapyndan taýýarlanan sahna çykyşlary, şygyr okaýyşlar, aýdym-sazly çykyşlar we folklor sahnalary görkeziler.
    Üçünji tapgyr – milli sport oýunlary tapgyry, Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegi bolan milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek we wagyz etmek maksady bilen, festiwalyň çäklerinde talyplaryň arasynda milli sport oýunlary (ýaglyga towusmak, ýüp çekdi, pille, düzzüm we ş.m.) boýunça ýaryşlar guralýar.
    V. Festiwaly geçirmegiň tertibi
    Festiwal 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýär. Festiwala gatnaşýan fakultetleriň çykyşlaryna we taýýarlan sergilerine ýörite döredilen eminler topary tarapyndan baha berilýär. Festiwalyň jemleýji bölüminde işjeň gatnaşan talyplara we tapawutlanan fakultetlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.
    Festiwalyň netijeleri baradaky maglumatlar institutyň resmi web-saýtynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.

    Guramaçylyk topary:
    Tel.:+99362071848
    E-salgy:cultureofpeaceunesco@gmail.com

    Soňky täzelikler

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026! surady

    19/01/2026

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026!
    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA surady

    15/01/2026

    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA
    Breýn-ring bäsleşigi surady

    08/01/2026

    Breýn-ring bäsleşigi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI