836
MERKEZI AZIÝANYŇ ÝAŞ DIPLOMATLARY WE DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada ýaş diplomatlaryň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Okuw maslahaty 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli şu ýylda Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan gelip çykýan ýörelgeler esasynda alnyp baryldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi L.Ferrari, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekili K.Goşlyýew dagylar çykyş etdiler.
Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli bähbitlere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ösüşiniň geçen döwründe BMG-niň esasy gymmatlyklaryna hem-de maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigi we Milletler Bileleşiginiň umumy gazanany hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň ýaşlara gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI