04/07/2026
68
«MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETLERI ÜÇIN BMG-NIŇ MAKSATNAMASY (SPEKA)» BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasy (SPEKA)» barada maslahat geçirildi. Oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy B.Ataýew alyp bardy. Sapagyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan sebitleýin taslamalaryň, aýratyn-da ulag-logistika, söwda we energetika ugurlarynyň ykdysady ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň sebit derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ykdysady strategiýasynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Okuw sapagy täsirli bolup, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna anyk jogaplary aldylar.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby