Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçirilýär
    Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçirilýär surady
    16/04/2025

    1834

    Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçirilýär

    2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek başy başlanan bu dialog sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen guralýan halkara derejesindäki möhüm çäreleriň biri hökmünde giňden tanalýar.

    Duşuşyk BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde geçirilýär. Bu ýylky duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk” baradaky 2250-nji Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri” (Voices of Youth for Peace and Trust) diýen şygar astynda geçirilýär.

    Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde durmuşa geçirilýän ýaşlar başlangyçlary bilen çykyş edip, parahatçylyk medeniýetiniň ösdürilmegi, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy, durnukly bilim ulgamynyň kemala getirilmegi, jemgyýetçilik telekeçiligi we innowasiýalary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşarlar.

    Duşuşyga ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň wekiliýetleriniň, BMG-niň degişli edaralarynyň, halkara hyzmatdaşlaryň we ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

    Duşuşygyň çäklerinde 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara (LLDC3) bagyşlanan Üçünji maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilýän nobatdaky ýaşlar forumyna taýýarlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

    BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilýän bu forum hem Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.


    Ýupar EGIRJÄÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi surady

    10/03/2026

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi
    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI. surady

    06/03/2026

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI.
    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI