
02/05/2025
357
Media we maglumat sowatlylygy boýunça çuňlaşdyrylan okuw
2025-nji ýylyň 30-njy apreli ― 1-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky binasynda media we maglumat sowatlylygy boýunça iki günlük çuňlaşdyrylan okuw geçirildi. Ol Daşary işler ministrligi hem-de ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy institutlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝHHG bilen ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli ugurlarda milli hünärmenler bilen okuw maslahatlary, duşuşyklar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şu gezekki media we maglumat sowatlylygy boýunça çuňlaşdyrylan okuwyň maksady hem žurnalistleriň we döwlet gullukçylarynyň maglumat sowatlylygy boýunça bilimlerini kämilleşdirmekden, milli hünärmenleriň žurnalistik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
ÝHHG-niň bilermenleri degişli tema esaslanyp, media sowatlylygy ýokarlandyrmak boýunça gymmatly maslahatlary berdiler. Okuw sapagy sowal-jogap esasynda täsirli geçdi.
Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň
uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI