Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby / Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat
    Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat
    Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat
    Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat
    Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat
    17/10/2024

    2374

    Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan maslahat

    2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň agzalary gatnaşdylar.
    Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, institutyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowanyň tanyşdyrmagynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri, olaryň ähmiýeti dogrusynda giň maglumatlary öz içine alýan prezentasiýa görkezildi. Şeýle-de ýaşlarda medeniýet, öz ýurtlarynyň däp-dessurlary, döredijilik we gözleg alyp barmak işlerinde tejribä eýe bolmak baradaky bilimleriň kemala gelmeginde ÝUNESKO-nyň klubunyň ähmiýeti, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, ÝUNESKO bilen bilim we ylym ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň döredilmeginiň, ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň girizilmeginiň ähmiýeti barada nygtaldy.
    Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýa 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda medeni dürlüligi üpjün etmekde we durnukly ösüşi kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan medeni mirasyň ähmiýetini göz öňüne tutulyp kabul edildi. Ýurdumyz bu konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Şol ýyldan bäri hem, Türkmenistan konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.
    Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň kalbyndan dörän maddy däl gymmatlyklarymyz bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, Köneürgenç şäheri, Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy. Şeýle-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty», Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy dünýä ýaň salan türkmen ahalteke bedewleriniň halkara ykrarnamasyna öwrüldi.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny pugtalandyrmakda, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ZEMINIŇ GÖZELIGI” ATLY ÇÄRE  GEÇIRILDI surady

    05/05/2026

    “EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ZEMINIŇ GÖZELIGI” ATLY ÇÄRE GEÇIRILDI
    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI surady

    10/02/2026

    «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI