Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY
    27/11/2025

    83

    LANÇŽOU UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN “TEGELEK STOL” DUŞUŞYGY

    Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Muňa mysal hökmünde 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “tegelek stol” formatynda geçirilen duşuşygy bellemek bolar. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Lançžou uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk hytaý wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 25-30-njy noýabrynda ýurdumyza sapary boýunça maksatnamanyň çäklerinde geçirildi.
    Duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew alyp bardy. Oňa hytaý tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin, Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça barlag merkeziniň ýolbaşçysy, geologiýa ylymlarynyň doktory, II derjeli professor Wang Sihai, Lançžou uniwersitetiniň Hytaý etraplarynyň ykdysady ösüşini öwreniş institutynyň ýolbaşçysy, “Lançžou uniwersitetiniň habarçysy (jemgyýetçilik ylymlary)” žurnalynyň redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, II derejeli professor Si Lijuan, Lançžou uniwersitetiniň Merkezi Aziýanyň maglumatlaryny giňden öwreniş institutynyň ýolbaşçysy, Lançžou uniwersitetiniň syýasat we halkara gatnaşyklary institutynyň II derejeli professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory, Çen Ýiýi (Konstans uniwersiteti, Germaniýa), Lançžou uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwreniş institutynyň ylmy işgäri, Lançžou uniwersitetiniň syýasat we halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlarynyň kandidaty, Sun Siuwen (Moskwa döwlet uniwersiteti), Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistany öwreniş merkeziniň kiçi ylmy işgäri gatnaşdy. Türkmen tarapyndan bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, t.y.d., professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amangeldi Rahmanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çary Nyýazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa wekilçilik etdiler.
    Onda çykyş edenler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýandygy, bu hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi barada bellediler. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylmagy we bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşýandygy aýratyn nygtaldy.
    Çykyşlar tamamlanandan soň “tegelek stol” formatynda geçirilen duşuşygyň netijelerine seredildi we bilelikde surata düşüldi.
    Umuman, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    04/12/2025

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE  MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR surady

    03/12/2025

    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
    Onlaýn açyk sapak geçirildi surady

    03/12/2025

    Onlaýn açyk sapak geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI