42
“INNOWASIÝALARA ESASLANÝAN EKOSISTEMA NÄHILI GURALÝAR?’’ ATLY TEMA BOYUNÇA SÖHBETDEŞLIK
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde “Innowasiýalara esaslanýan ekosistema nähili guralýar?” atly tema boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermeni Bagrat Ýengibarýan hem-de institutymyzyň talyplary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde myhman innowasiýa we onuň ekosistemasy hakynda gyzykly we täsirli maglumatlary talyplaryň dykgatyna ýetirdi. Halkara bilermen media-sowatlylygyň bu günki ýeten derejesi we mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje berdi. Söhbetdişligiň dowamynda myhman emeli aň hakynda hem durup geçdi. Söhbetdeşlik täsirliligi bilen tapawutlanyp, onda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini dogry peýdalanmagyň ýollary barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Çäräniň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara halkara bilermen tarapyndan ýerlikli jogaplary aldylar.
Eziz MÄTİÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.