1147
ILÇI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen tanyşlyk we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga institutyň rektory G.Ýusupowa we professor-mugallymlar gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ýygjamlaşdyrylmagy we bilim ulgamyndaky mümkinçilikleriň ilerledilmegi barada söhbetdeş boldular.
Duşuşygyň dowamynda hormatly myhman üçin institutyň çäginde bilelikdäki gezelenç guraldy. Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, türkmeniň ak öýi we institutyň okuw studiýasy bilen tanyşdyryldy. Bu duşuşyk we gezelenç hormatly myhmanda ýakymly täsir galdyrdy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

17/10/2025
SANLY ULGAM ARKALY WEBINAR GEÇIRILDI
16/10/2025
Güýzüň şahyryna bagyşlandy
15/10/2025
HALKARA TERJIME GÜNI MYNASYBETLI BÄSLEŞIK