Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi / “Hytaý + Merkezi Aziýanyň bäş döwleti” – durnuklylygyň we dostlukly ýurtlaryň ösüşiniň kepili
    “Hytaý + Merkezi Aziýanyň bäş döwleti” – durnuklylygyň we dostlukly ýurtlaryň ösüşiniň kepili surady
    09/11/2022

    1146

    “Hytaý + Merkezi Aziýanyň bäş döwleti” – durnuklylygyň we dostlukly ýurtlaryň ösüşiniň kepili

    2022-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Pekin şäherinde “Hytaý we Merkezi Aziýa: bilelikdäki ösüşe tarap täze ýol” ady bilen konferensiýa geçirildi. Çäre Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň guramagynda geçirildi. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategik barlaglar instituty, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar milli instituty, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty bilelikde gurnaýjylar hökmünde çykyş etdiler.
    Garyşyk görnüşde, ýagny göni gatnaşyk we wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iki günlük maslahatyň açylyşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesi okaldy. Soňra maslahat öz işini Hytaýda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň bilelikdäki ösüşiň täze ýollaryny agtarmaga we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge bagyşlanan çykyşlary bilen dowam etdi. Bilermenler öz çykyşlarynda ösüşiň häzirki tapgyrynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen aýratynlykda we sebit bilen umumylykda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny nähili tertipde ösdürüp biljekdigi baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.
    Türkmen tarapynyň çykyşynda sebitiň döwletleriniň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýetirýän oňyn täsiri bellenilip, onuň binýadynda global gün tertibindäki fundamental meseleleri çözmekdäki çemeleşmeleriň ýakynlygynyň ýa-da olaryň birek-birege gabat gelmeginiň durandygy nygtaldy.
    Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylygyň we adalatyň berjaý edilmeginiň, ýurtlaryň çäk bitewüligine hormat goýulmagynyň we özbaşdak döwletiň içerki işlerine goşulmazlygyň, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem halkara terrorçylygyna, ekstremizme we beýleki wehimlere garşy göreşde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görülýän täsirli çäreleri goldamagyň tarapdary bolup çykyş edýär.
    Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez
    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67767/hytay-gosmak-merkezi-aziya-yurtlarynyn-basisi-formaty-sebit-durnuklylygynyn-serti

    Soňky täzelikler

    Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея surady

    13/06/2025

    Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
    Диалог о будущем: Бишкек принимает II Форум аналитических центров Кореи и Центральной Азии surady

    13/06/2025

    Диалог о будущем: Бишкек принимает II Форум аналитических центров Кореи и Центральной Азии
    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития surady

    13/06/2025

    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI