06/07/2026
64
Hoşniýetli dostluk, strategik hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary hakda söhbet
Halkara gatnaşyklaryň taryhynda geografik goňşuçylyk, köplenç, strategik hyzmatdaşlyga öwrülýär, emma käbir ýurtlaryň arasyndaky baglanyşyk munuň bilenem çäklenmeýär. Gündogar bilen Günbataryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik, ykdysady we medeni köprüler munuň aýdyň mysalydyr. Gojaman Hazar deňziniň asuda we parahat tolkunlarynyň mawy giňişliklerde möwç urşy ýaly, bu iki halkyň arasyndaky ynam, dostluk we hyzmatdaşlyk hem şol derejede joş alýar. Şunda döwletara gatnaşyklar diňe bir sebit durnuklylygynyň möhüm şerti bolman, eýsem, asyrlaryň dowamynda kemal tapan umumy medeni-taryhy mirasyň häzirki zaman dünýäsindäki döwrebap dowamatydyr. Täze eýýamda barha ösdürilýän bu dostlukly gatnaşyklar taraplaryň ählumumy syýasy ornuny has-da güýçlendirýär. Şu ýylyň 22-23-nji iýunynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär.
Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň döwletara gatnaşyklary häzirki halkara gatnaşyklary ulgamynda durnukly ösüşe gönükdirilen, strategik taýdan möhüm ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Bu gatnaşyklar syýasy-ykdysady taýdan özara bähbitleriň sazlaşygyny üpjün edýän ulgamlaýyn gurluşy emele getirýär. Şeýle şertlerde 2026-njy ýylyň 22-23-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini berkitmek bilen bir hatarda, onuň täze ösüş ugruny kesgitlemäge gönükdirilen möhüm syýasy waka hökmünde häsiýetlendirilýär.
Resmi maglumatlara görä, iki ýurduň arasynda häzirki wagtda 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminama hereket edýär. Şeýle giň hukuk binýady hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn we kadalaşdyrylan gurluş hökmünde ösdürilýändigini görkezýär. Şeýle hem ýokary derejede 16 sany döwlet we iş saparynyň amala aşyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň dowamlylygyny we yzygiderliligini görkezýän möhüm görkezijidir. Bu ýagdaý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly dialoga daýanýandygyny tassyklaýar.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi, energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwletleriň ykdysady mümkinçilikleriniň özara utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işi hyzmatdaşlygyň utgaşdyryjy mehanizmi hökmünde möhüm rol oýnaýar. Bu bolsa diňe ykdysady peýda gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit derejesinde ykdysady integrasiýanyň güýçlenmegine hem hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan BMG we beýleki halkara guramalaryň çäginde özara başlangyçlary goldamak, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we köpugurly dialogy ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyk edýärler. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň dowamynda halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalar hem möhüm orun eýeledi. Şunda resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň binýatlyk esaslarynyň has-da giňeldilýändigini görkezýär. Gümrük ulgamy, energetika, senagat ösüşi, oba hojalygy, saglygy goraýyş, zähmet we durmuş goragy, sport, maliýe-ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly dürli ugurlary öz içine alýan resminamalar toplumy döwletara ykdysady giňişligiň strategik gurallarydyr. Şeýle ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we durnukly häsiýete eýe bolmagyna şert döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyza sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeriniň herekete girizilmegi aýratyn syýasy-ykdysady ähmiýetli wakalaryň biridir. Munuň özi diňe logistika ýa-da energetika taslamasy däl-de, eýsem, iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň özara utgaşmasydyr. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň Baku şäherindäki «Ýeňiş» ýadygärligine we azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň aramgähine gül goýmagy bolsa taryha we geçmişe goýulýan hormatyň diplomatiýanyň aýrylmaz bölegi bolup galýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär. Şunda Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. 2024-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda «Magtymguly Pyragy» adyndaky türkmen edebiýaty merkeziniň açylmagy gardaş halklaryň milli edebiýatynyň hem umumy garaýyşlara esaslanýandygyny görkezýär. Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem biziň ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň azerbaýjan dilinde yzygiderli neşir edilýändigini, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny nygtamak gerek. Munuň özi diňe bir edebi we ylmy ugurlarda däl, eýsem, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamyndaky berk taryhy we medeni baglanyşygyň ähmiýetini has-da aýdyň ýüze çykarýar.
Şu gezekki saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurduň Fizuli şäherine baryp görmegi hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan metjidiň gurluşygy «Aga-Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Bu taslama medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkidýän strategik ynsanperwer başlangyç hökmünde seretmek bolar. Ýeri gelende, Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygyna geçen ýylyň oktýabrynda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda badalga berlendigini buýsançly bellemelidiris.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Azerbaýjanyň medeni paýtagty hasaplanylýan Şuşa şäherinde bolup, bu ýerdäki taryhy we medeni merkezlere baryp görmegi hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ölçegini has-da giňeldýär. Şunda Türkmenistanyň Prezidentine garabag tohumyndan bolan bedewiň sowgat berilmegi iki halkyň medeni we ruhy ýakynlygynyň özboluşly nyşany hökmünde häsiýetlendirilýär.
***
Halklaryň arasyndaky hakyky dostluk, aslynda, hiç bir serhet hem-de wagt çäklendirmesini bilmeýän uly ummana meňzeýär. Şu jähetden, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri, sebitiň mawy «ýüregi» bolan Hazaryň tolkunlary dek, dowamly hereketde we ösüşde bolup durýar. Sebäbi iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Geçmişiň gymmatly tejribesine daýanyp, geljege tarap ynamly barýan bu iki ýurduň doganlyk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy dünýä parahatçylygynyň hem-de ruhy-medeni sazlaşygyň ajaýyp nusgasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dostlukly döwlete amala aşyran sapary bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň strategik taýdan täze derejesini alamatlandyrdy.
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Çeşme: Biznes reklama gazeti - 06.07.2026 ý. //