18/08/2026
68
Halkara hukuk: umumy giňişlik, bitewi dünýä
Dünýä taryhyna nazar aýlanymyzda, döwletleriň ösüş ýoluny kesgitleýän esasy şertleriň diňe bir ykdysady mümkinçilikler ýa-da syýasy täsir bilen çäklenmeýändigine göz ýetirýäris. Döwletleriň arasynda uzak möhletli ynamly gatnaşyklaryň kemala gelmegi, parahatçylygyň üpjün edilmegi we umumy ösüşiň gazanylmagy, ilkinji nobatda, hukuk ýörelgelerine daýanýar. Şu nukdaýnazardan, halkara hukuk adamzadyň parahat we sazlaşykly ösüşini üpjün edýän iň möhüm gymmatlyklaryň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa bu ugurda täze mümkinçilikleri açýar, hukuk esasly hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini işläp düzmäge çagyrýar.
Halkara hukugyň häzirki zaman binýady, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanýar. Döwletleriň özygtyýarly deňligi, güýç ulanmazlyk, meseleleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyna hormat goýmak ýaly esasy ýörelgeler häzirki halkara gatnaşyklarynyň hukuk esasyny düzýär. Şeýle hem Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy, halkara ynsanperwer hukuk kadalary, halkara şertnamalar we beýleki möhüm hukuk namalary dünýäde adalatly we durnukly gatnaşyklary üpjün etmegiň möhüm çeşmeleri bolup durýar.
Häzirki döwürde halkara hukuk diňe bir syýasy gatnaşyklary däl, eýsem, döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir. Söwda, maýa goýum, energetika, ulag-kommunikasiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda döwletleriň özara gatnaşyklary anyk hukuk kadalaryna, degişli konwensiýalara, Kararnamalara daýanýar. Ygtybarly hukuk binýady hyzmatdaşlaryň arasyndaky ynamy artdyrýar, uzak möhletli ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.
Şeýle şertlerde halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak döwrüň möhüm talabyna öwrülýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Bu başlangyç Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we hukuk esasly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm netijesidir. «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly halkara başlangyç halkara hukugyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklardaky ornuny has-da berkitmäge, hukuk ýörelgelerine bolan hormaty ýokarlandyrmaga we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hukuk medeniýetiniň ähmiýetine çekmäge gönükdirilendir. Dünýäniň 78 döwletiniň Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi döwlet Baştutanymyzyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu teklibiniň adamzadyň umumy bähbitlerini nazarlaýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň bu başlangyjynyň gözbaşynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, halkara parahatçylygy we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak baradaky tagallalary bu ugurda möhüm orun eýeleýär. Şunda Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi halkara hukuk gatnaşyklarynda hem binýatlyk ähmiýete eýedir.
Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň ruhy-syýasy binýadyny düzýär. Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda dialogyň, özara hormatyň we halkara hukugyň kadalaryna eýermegiň zerurdygy baradaky garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu asylly syýasat häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» başlangyjy hem hut şu syýasy ýörelgeleriň logiki dowamydyr. Bu halkara başlangyç diňe bir hukuk ulgamynyň ähmiýetini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletleriň arasynda ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmegiň, halkara meseleleri gepleşikler arkaly çözmegiň we umumy maksatlara ýetmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli kanunçylygy hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary bilen doly sazlaşýar. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, bu ýagdaý bütin dünýäde hem şeýledir. Çünki ähli döwletleriň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam hakdaky alada durandyr. Biz muny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ähli döwletli tutumlarda hem görüp bileris. Ýurdumyzda Adalatçynyň Diwanynyň döredilmegi, adam hukuklary boýunça milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.
Häzirki wagtda BMG tarapyndan kabul edilen täze Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Meýilnamanyň çäklerinde halkara we milli derejede forumlar, duşuşyklar, okuw sapaklary, umuman, dürli mazmunly çäreleriň ençemesi geçiriler. 2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda halkara hukuk boýunça ýokary derejeli bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek bolsa esasy wakalaryň biridir.
Şeýlelikde, halkara hukuk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeldýän, parahatçylykly we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün edýän mümkinçilikdir. Ol ykdysady ösüşiň, maýa goýum işjeňliginiň, halkara hyzmatdaşlygyň we halklaryň abadançylygynyň ygtybarly hukuk daýanjydyr. Halkara hukugy umumy giňişlik hökmünde häsiýetlendirmek hem dogrudyr. Sebäbi ol dürli medeniýetleri, ykdysady ulgamlary we syýasy garaýyşlary bolan ýurtlaryň parahatçylykly hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçin 2028-nji ýyl, ýagny Halkara hukuk ýyly dünýä jemgyýetçiligi üçin hukuk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan möhüm tapgyr bolar. Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýäde hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky möhüm goşant hökmünde iň täze taryhymyzyň şöhratly sahypalaryndan orun alar.
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes Reklama».
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti 17.08.2026 ý.
Soňky täzelikler
14/08/2026
HAZARYŇ DOSTLUK MUKAMY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR
10/08/2026
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip