429
“HALKARA YNSANPERWER HUKUGY – PARAHATÇYLYGYŇ GORAGÇYSY” ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” atly taslamasynyň çäklerinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň gününe bagyşlanyp “Halkara ynsanperwer hukugy – parahatçylygyň goragçysy” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahata institutyň talyplary we magistrleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň gününe bagyşlanylan ýörite prezentasiýa çykyşlary we wideorolikler görkezildi.
Maslahatyň ahyrynda talyplaryň hem-de magistrleriň gatnaşmaklarynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň esas goýujy ýörelgelerine degişli sorag-jogap alşyldy, onda has tapawutlananlara bolsa ýadygärliik sowgatlary gowşuryldy.
Seýitnur ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI