14/05/2025
680
HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYŇ WE II HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝAPYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gelip çykýan hem-de
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde
goýlan işleriň toplumyny amala aşyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň
döredilmeginiň 80 ýyllygyny mynasyp garşy almak, Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşy almak üçin işleri
amala aşyrmak, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, talyp
ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, maksatlary bilen geçirilen,
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy-
amaly maslahatyň jemini jemlemek hem-de “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk
dialogynyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy geçirildi. Bu halkara çärelerine dünýä döwletleriniň 11-sinden ýagny,
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Belgiýa Patyşalygyndan, Eýran Yslam
Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gyrgyz
Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Katar Döwletinden,
Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Rumyniýadan ylmy-
döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Dabarada “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy:
parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň jemini jemlemek üçin “Bitaraplyk syýasatynyň
parahatçylygy dörediji ýörelgeleri: Türkmenistanyň milli tejribesi”, “Ykdysady
diplomatiýa ― durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly”,
“Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat
ähmiýetli ýörelgeleri”, “Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri
taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler” diýlip
atlandyrylan bölümçeleriň başlyklary maslahatyň işiniň netijeleri barada çykyş
etdiler.
Dabaranyň dowamynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň
medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň netijeleri hem yglan edildi. Bäsleşigiň
netijelerine görä, gatnaşyjylar 21 altyn, 35 kümüş we 54 bürünç medal gazandylar.
Şol sanda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary 2 altyn we 3
kümüş medala mynasyp boldular. Soňra bolsa halkara bäsleşigiň ýeňijilerine
sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi hem halkara ylmy-amaly maslahata we
bäsleşige gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
Dabara uly şatlyk-şowhun bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň döredijilik toparynyň talyplarynyň taýýarlan
aýdym-sazly konserti bilen jemlendi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň dünýäde
dabaralanmagy, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da belende
göterilmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp
barýan il-ýurt bähbitli, aýdyň maksatly beýik başlangyçlary mundan beýläk hem
rowaçlyklara beslensin!
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI