626
«HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY II HALKARA BÄSLEŞIGINE BADALGA BERILDI
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin resmi açylyş dabarasy geçirildi. Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 7-siniň 9 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 29 sany magistrler we talyplar, şeýle hem, Türkmenistanyň 23 sany ýokary okuw mekdeplerinden 115 sany talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Has takygy, halkara bäsleşige Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutyndan, Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Russiýa Federasiýasynyň Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň Ýuridiki Akademiýasyndan, Täjik milli uniwersitetinden, Hytaý Daşary işler uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, ABŞ-nyň El Paso şäheriniň Tehas uniwersitetinden hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alyndy.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» we döwlet derejesinde kabul edilen beýleki degişli resminamalarda ylym-bilim işgärleriň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygyny, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen wezipelerden ugur alýar.
Halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda türkmeniň milli gymmatlyklaryna, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan serginiň guralmagy halkara bäsleşige gatnaşyjylarda türkmeniň gadymy, medeni mirasy bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döretdi. Dabaranyň açylşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Geldiýewna Ýusupowa, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Kömekowiç Berdinyýazow, Russiýa Federasiýasynyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň dosenti, ykdysady ylymlarynyň kanditaty Uliýana Wiktorowna Mizerowskaýa çykyş etdiler. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri dünýä halklarynyň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady esasynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşiginiň ähmiýeti dogrusynda bellediler. Şeýle hem parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplarynyň ýerine ýetiren «Bagt binýadym – Bitaraplyk» edebi-sazly kompozisiýasy bäsleşige gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar, degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy görnüşinde test sowallaryna jogap bermäge girişdiler. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik maý aýynyň 14-ine çenli dowam edýär.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI