Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ
    GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ
    GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ
    GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ
    GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ
    12/05/2026

    92

    GELJEGIŇ DIPLOMATIÝASY: TÄZEÇIL USULLAR WE EMELI AŇ

    2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekili, tejribeli diplomat, doktor Seýed Agaha Banihaşeminiň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Türkmen-eýran ylym-bilim gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýan döwründe guralan bu çäre institutymyzyň mugallymlary we talyplary üçin tejribe alyşmagyň täze meýdançasyna öwrüldi.
    Okuw sapagynyň esasy temasy «Halkara gatnaşyklaryny we syýasy ylymlary okatmagyň täze usulyýeti hem-de emeli aňyň häzirki wagtdaky orny» diýlip atlandyryldy. Doktor Banihaşemi öz çykyşynda häzirki zaman diplomatiýasynda sanly tehnologiýalaryň, aýratyn hem emeli aňyň (EA) maglumatlary seljermekde, daşary syýasy çözgütleri kabul etmekde we diplomatik gepleşikleri modelirlemekde tutýan orny barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem, sapagyň dowamynda halkara gatnaşyklaryny okatmagyň innowasion usullary, talyplaryň seljeriş ukyplaryny ösdürmek we nazary bilimleri amalyýet bilen utgaşdyrmagyň ähmiýeti barada gyzykly pikirler öňe sürüldi. Myhman diplomat halkara tejribesinden mysallary getirip, emeli aňyň diplomatiýadaky mümkinçilikleri we bu ugurdaky kiberhowpsuzlyk meseleleri baradaky sowallara jikme-jik jogap berdi.
    Geçirilen bu okuw sapagy bilim bermek bilen bir hatarda talyplaryň saýlap alan hünärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, olaryň dünýä derejesindäki täzeçil ylmy garaýyşlar bilen tanyşmagyna uly ýardam etdi.

    Ogulçynar MAGTYMGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI