22/09/2026
92
GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösüşinde daşary syýasatyň ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ylmy edaralaryň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde «Garaşsyzlyk ýyllyrynda milli kanunçylyk ulgamynyň ösüş ugurlary», «Meýletinçilik hereketi, onuň taryhy we bu ugurda häzirki döwürdäki alnyp barylýan işler», «Garaşsyzlyk we türkmen diplomatiýasy: ösüşler we ýaşlar barada» diýen temalar boýunça çykyşlar edildi. Çykyş edenler Garaşsyzlygyň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan kuwwatly, okgunly ösýän döwletiň ygtybarly binýadyny emele getirendigini, geçen 35 ýylda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleriň geçirilendigini buýsançly nygtadylar.
Umumy mejlisden soň, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. «Garaşsyzlyk – halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat», «Garaşsyz Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi we kämilleşmegi», «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň ähmiýeti» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – Watanymyzyň rowaçlygynyň sarsmaz binýady» diýen bölümçelerde degişli temalar boýunça giňişleýin çykyşlara orun berildi. Bellenilişi ýaly, ata Watanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli senenamamyzyň nobatdaky şanly senesini täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Olaryň her biri Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna aýratyn sahypa bolup ýazylýar.
Şeýlelikde, şu gezekki ylmy-amaly maslahat giň gerime eýe bolýan Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary bilen özboluşly utgaşyp, talyp ýaşlaryň şanly senä bolan buýsanç duýgularyny artdyrdy. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulhajat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby