Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Futbol baýramçylygynda meýletinçi media toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler
    Futbol baýramçylygynda meýletinçi media toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler surady
    11/02/2026

    799

    Futbol baýramçylygynda meýletinçi media toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler

    2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzyň çempiony, halkara giňişlikde hem barha adygýan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyny kabul etdi. Şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun alan bu möhüm duşuşyk paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda guraldy.
    Halkara derejesindäki sport çärelerini beýan etmek uly jogapkärçilik talap edýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigi babatda möhüm tabşyryklary berdi. Şundan ugur alnyp, futbol baýramçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlardan düzülen meýletinçi media toparynyň hem işjeňlik görkezendigini buýsançly bellemek gerek. Olar oýnuň dowamynda söhbetdeşlikleri, reportažlary, habarlary we makalalary taýýarlap, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen duşuşygyň taryhy ähmiýetini giňden şöhlelendirdiler.
    Bu başlangyç ýaş žurnalistleriň diňe bir nazary bilim alman, eýsem, amaly hünär başarnyklaryny halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Talyp ýaşlardan düzülen media toparyň agzalary şeýle iri halkara sport wakasyny beýan etmekleriniň öz hünär ýollarynda iň ýatda galyjy pursatdygyny belleýärler. Şeýlelikde, zehinli ýaşlar žurnalistikanyň döwrebap usullaryny ulanmak bilen, geljekde hem Türkmenistan döwletimiziň sport žurnalistikasyny täze belentliklere çykarmaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek görkezdiler.
    Ýurdumyzyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. «Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy.

    Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI