24/05/2025
53
FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy
işler boýunça prorektory B.Mätliýew bilen Fransiýa Respublikasynyň Gawr
uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar
boýunça direktory P.Barteleminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ylym-bilim
ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şeýle hem myhmanlar institutda hereket edýän Türkmen diplomatiýasynyň
taryhy muzeýine, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasyna
baryp, olar dogrusynda gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.