27/11/2025
10
EMELI AŇ BOÝUNÇA HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň garamagyndaky Halkara Ýokary Bilim Innowasiýa Merkezi (UNESCO-ICHEI) tarapyndan döredilen Halkara onlaýn Bilim institutyň (International Institute of Online Education — IIOE) geçiren “Mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek: okuw prosesinde emeli aňyň mümkinçilikleri” atly halkara webinaryna ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar we ÝUNESKO klublarynyň agzalary, şeýle-de dünýäniň dürli döwletlerinden ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, sanly bilim boýunça hünärmenler we ylmy işgärler sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Bu webinaryň dowamynda häzirki zaman bilim ulgamynda uly ähmiýete eýe bolan emeli aň tehnologiýalarynyň orny hem-de onuň okuw işini kämilleşdirmekde berýän mümkinçilikleri giňişleýin beýan edildi. Webinarda Hindistanyň IIT Karagpur ýokary okuw mekdebiniň Öňdebaryjy tehnologiýa ösüş Merkeziniň dosenti, sanly bilim boýunça halkara derejeli alym Dr. Kauşal Kumar Bagat çykyş edip, sapak meýilnamalarynyň taýýarlanylyşynda, okuwçylary, talyplary bahalandyrmakda, şahsylaşdyrylan okuwda hem-de döredijilikli mazmun taýýarlamakda emeli aňyň berýän amatly mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem AR/VR tehnologiýalarynyň, ornaşdyrylan okuw usullarynyň we tehnologiýa esasly bilim beriş ulgamynyň häzirki ösüşleri barada täsirli gürrüň berdi.
ÝUNESKO-ICHEI tarapyndan 2020-nji ýylda döredilen IIOE — ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagyna ýardam berýän halkara platforma barada hem aýdyldy. Platformanyň maksady ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny sanly pedagogika boýunça taýýarlamak, onlaýn okuw gurşawyny ösdürmek hem-de ýurtlaryň arasynda sanly bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda IIOE dünýäniň onlarça döwletinden müňlerçe mugallymy bir ýere jemläp, ýokary bilimiň innowasion ösüşleri boýunça okuwlary, okuw maslahatlaryny we tejribe alyşmalary gurnaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly ösüşlere, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen işler bilen dolulygyna laýyk gelýär. Şeýle bilim çärelere gatnaşmak mugallymlaryň sanly sowatlylygyny artdyrmaga, ýaş hünärmenleriň döwrebap bilim giňişligine uýgunlaşmagyna hem-de ýokary okuw mekdeplerinde öwredilýän sapaklaryň hilini ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar emeli aňyň mümkinçilikleriniň geljekde bilim ulgamynyň ösdürilmegine ýetirjek täsiri barada pikir alyşdylar we IIOE tarapyndan taýýarlanan ugurdaş okuw maksatnamalary bilen tanyşdylar.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
03/12/2025
Onlaýn açyk sapak geçirildi
26/11/2025
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI