Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby / DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY
    DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY
    DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY
    DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY
    26/05/2026

    15

    DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GAZANYLMAGYNDA ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ORNY

    2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly IV ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we ekologiýa diplomatiýasyny özünde jemleýän bu çäre, ýokary derejede guramaçylykly we giň gerimli häsiýetde alnyp baryldy.
    Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaş alymlary we talyplary, hem-de Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň müdirleri, ÝUNESKO klublarynyň başlyklary we agzalary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň wekilleri aýratyn işjeňlik görkezdiler.
    Maslahatyň dabaraly umumy (plenar) mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär Sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Gahrymany Rustemowa Çynar Täjiýewna çykyş edip, ýurdumyzda ekologiýa biliminiň hilini döwrebap derejede ýokarlandyrmakda, ýaşlaryň tebigata bolan garaýyşlaryny ylmy esasda kämilleşdirmekde we ekologik medeniýeti ösdürmekde institutda alnyp barylýan köptaraply işlere uly baha berdi. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşan ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň müdirleri we ÝUNESKO klublarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) milli derejede durmuşa geçirmekde, daşky gurşawy goramak boýunça innowasion taslamalary hödürlemekde ýaşlaryň tutýan orny hem-de olaryň intellektual kuwwatynyň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.
    Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini öňde goýlan strategik wezipeleri doly açyp görkezýän 4 sany ugurdaş bölümçede dowam etdirdi. Birinji bölümçede «Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň dabaralanmagy. Ekologiýa meselelerde halkara hyzmatdaşlyk» diýen mowzuk boýunça çykyşlar diňlenip, onda Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynda sebit derejesinde we ÝUNESKO ýaly iri guramalar bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary seljerildi. Ikinji bölümçe «Tebigatyň goralyp saklanylmagy we ekologiýa abadançylygy» diýlip atlandyrylyp, onda ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, tebigy goraghanalaryň işini kämilleşdirmek we tebigy baýlyklary durnukly peýdalanmagyň ylmy ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Üçünji bölümçede bolsa «Biosferanyň, topraklaryň, suwuň we howanyň ekologiýasy. Global ekologik meseleler» diýip atlandyrylyp, çykyşlarda howanyň global derejede üýtgemegi, suw serişdelerini tygşytly ulanmak hem-de topragyň guraklaşmagyna garşy göreşmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Maslahatyň dördünji bölümçesi «Ýaş nesilde ekologik endikleri kemala getirmegiň ylmy-usuly esaslary» diýen mowzuga bagyşlanyp, onda geljekki pedagoglaryň, ýaş alymlaryň kömegi bilen bilim ulgamyny ekologiýalaşdyrmak, mekdep okuwçylarynda we ýaşlarda tebigata bolan söýgini hemişelik terbiýelemek baradaky täze ylmy-metodikalar hödürlendi. Bölümçeleriň dowamynda beýan edilen bu ylmy çykyşlar we täze garaýyşlar ekologiýa biliminiň geljekki ösüşine gönükdirilen gymmatly tejribe alyşma meýdançasy bolup hyzmat etdi.
    Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda döwrebap ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige, dünýä ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga we ene topragymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

    Aýgözel ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    05/06/2026

    «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    «MEDENI DIPLOMATIÝA – DOSTLUK KÖPRÜSI» ATLY PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI surady

    30/05/2026

    «MEDENI DIPLOMATIÝA – DOSTLUK KÖPRÜSI» ATLY PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ÝUNESKO KLUBYNYŇ NOBATDAKY ÝYGNAGY GEÇIRILDI surady

    06/05/2026

    «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ÝUNESKO KLUBYNYŇ NOBATDAKY ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI