22/04/2025
557
«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçirildi
Ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen forumyň gün tertibine ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň zehinlerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Halkara maslahatynyň jemleýji resminamasynyň “Howanyň ählumumy maýlamagy, suw serişdeleriniň azalmagy, çölleşmek, topragyň zaýalanmagy ýaly we beýleki birnäçe ekologiýa betbagtçylyklarynyň häzirki we geljekki nesilleriň meseleleridigini ykrar etdik. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň saglygynyň goralmagy, ekologiýa terbiýesi, olara zerur maddy we ahlak goldawynyň berilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini nygtadyk” diýlip, bellenen 7-nji bendine laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda Bütindünýä Ýer güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçirildi. Oňa myhman hökmünde döwletimiziň jemgyýetçilik hünärmenleri, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň esasy maksady ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmaklaryna gönükdirildi. Ýarmarkanyň çäginde ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebi öz ugruna degişli sergisini ýaýbaňlandyrdy. Sergilerde naz-nygmatlar, milliligimize degişli bolan bezegler, alajadyr şaý-sepler, naşyja sowgatjyklar ýerleşdirilip, myhmanlara hödürlenildi.
Sergi-ýarmarkanyň dowamynda gazanylan maddy serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ugradyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna-da aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklary berkitmek babatda alyp barýan işlerini hem bellemek gerek.
2025-nji ýylyň aprel aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti, ilki bilen, Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy.
Ýurdumyzyň ýaş nesliniň bagtyýar geljegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI