25/04/2025
443
“Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmakda ýaşlaryň orny” atly webinar geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine we bu ugurda alnyp barylýan
işlerde ýaşlaryň eýeleýän ornuna bagyşlanan webinar geçirildi. Oňa
institutyň talyp ýaşlary we sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň ýokary
we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary
gatnaşdylar.
Webinarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy
Aýgözel Öwezowa çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda ýurdumyzyň
halkara gatnaşyklarynda alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty we
onuň taryhy kökleri, häzirki döwürde parahatçylygy, howpsuzlygy we
durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.
Şeýle-de, döwletimiziň saýlap alan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň
geçen taryhy döwründe gazanylan üstünlikler, “Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň”
ähmiýeti hem-de Diýarymyzyň içeri we daşary syýasat ulgamlarynda
türkmen ýaşlarynyň eýeleýän orny barada aýdylanlar talyplarda uly tasir
galdyrdy.
Bu geçirilen webinar diňe bir geljekki halkaraçy hünärmenleriň däl,
eýsem, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda zähmet çekjek talyp ýaşlaryň
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä ýüzündäki
eýeleýän orny dogrusyndaky bilimlerini artdyrmakda uly ähmiýete eýe
boldy.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI