503
Diller - dostlugyň açary
2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» gurnagynyň çäginde «Hytaý we Ýaponiýa döwletleriniň medeniýeti bilen tanyşlyk» atly hepdeligiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Institutyň ikinji daşary ýurt dilini öwrenýän 2-nji we 3-nji ýyl talyplary bu dabara işjeň gatnaşdylar. Olar ýapon we hytaý halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdylar.
Dabaranyň çäklerinde «Çyn-maçynda şeýle däp bar» we «Men ieroglif ýazyp bilýärin» diýen temada talyplaryň özbaşdak taýýarlan işlerini synladylar. Hytaý-ýapon dilleriniň aýratynlygy we olar hakynda gyzykly sorag-jogap alşyldy. Umuman, iki ülkäniň hem täsirli taraplaryny açyp görkezmek ýerine düşdi.
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä
dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI