19/11/2026
31
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän birnäçe orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary bilen Bütindünýä çagalar güni mynasybetli okuw sapagy geçirildi.
Her ýylyň noýabr aýynyň 20-sinde bellenilýän Bütindünýä çagalar gününiň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagynyň dowamynda okuwçylara halkara hukugynyň esasy ýörelgeleri, çaganyň hukuklary we azatlyklary, olaryň halkara derejesinde goraglylygy barada giňişleýin düşünje berildi.
Şeýle-de okuw sapagyň dowamynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we bu ugurda geçirilýän halkara çäreler, şol sanda COP31 halkara maslahatynyň ähmiýeti barada maglumatlar paýlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, onuň parahatçylygy, ynanyşmagy we dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada çykyşlar edildi.
Okuw sapagynyň dowamynda ýokary synp okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar. Şeýle duşuşyklar ýaş nesliň halkara hukugy, çagalaryň hukuklary, ählumumy meseleler we Türkmenistanyň daşary syýasaty baradaky bilimlerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şatlyk BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby