802
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝADAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky Hemişelik utgaşdyryjylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrlginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçiler bäsleşiginiň ýeňijileri, Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malleý, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Antýe Kristin Grawe, BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl, BMG-niň Täjigistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Parwathy Ramaswami Kawilmadam dagylar çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk söýüjilik tagallarynyň ilerledilmegine saldamly goşant goşandygy nygtaldy. Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygyň saklanylmagynda, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde BMG-niň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşlarynyň birine öwrülendigi barada bellenildi. Sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde halkara jemgyýetçiliginiň karary bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Şeýle-de çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy jedelleriň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna ýardam bermek boýunça tagallalary goldamak üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm orny babatynda bellemek bilen, kabul edilen Kararnamada sebit merkeziniň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda parahatçylyga wehim salynmalarynyň garşysyna durmak hem-de sebitde durnukly ösüşi goldamak maksady bilen, gerimleýin sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermekdäki ornuny ykrar edýändigi hakynda beýan edildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, sebitiň ýurtlarynyň toplan hyzmatdaşlyk tejribesi halkara meselelerini syýasy, diplomatik ýollar bilen çözmegiň täsirli gurallaryny öňe sürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýar, şunda, öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň BMG hem-de onuň düzümleri, şol sanda sebit merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda, hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň kemala getirilmeginde we durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmeginde oňyn çemeleşmeleriň bilelikde işläp taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy berkitmekde, ählumumy abadançylygy üpjün etmekde yzygiderli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz:
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI