26/03/2026
98
BEDEWLERE BAGYŞLANAN «BREÝN-RING» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň arasynda türkmen bedewlerine bolan söýgini we gyzyklanmany artdyrmak, bedewleriň türkmen medeniýetindäki, taryhyndaky we sungatyndaky ornuny açyp görkezmek maksady bilen «Bedew atlar – gerçek gaýratynyň nusgasy» atly «breýn-ring» bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I we II ýyl talyplaryndan ybarat bolan 5 adamlyk toparlar gatnaşdylar. Üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji şertinde toparlar Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby boýunça 7 minutdan köp bolmadyk prezentasiýaly çykyşlaryny taýýarladylar. Ikinji tapgyrda talyplar şol kitap boýunça 20 sany ýazmaça soraga jogap berdiler. Üçünji tapgyrda bolsa toparlara Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan bedewler bilen baglanyşykly soraglar berildi.
Bäsleşigiň ahyrynda ähli tapgyrlarda iň ýokary netije görkezip, umumy bal sany boýunça üstünlik gazanan toparlar kesgitlenildi. Ýeňiji bolan talyp ýaşlar institutyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Bu bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynyň şygaryny dabaralandyrmakda we talyplaryň arasynda bedewlerimize bolan buýsanjy artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Kakamyrat ARTYKNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/03/2026
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
27/03/2026
ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT