27/03/2026
56
«ANTIMONOPOL DÜZGÜNLEŞDIRIŞ WE BÄSDEŞLIGI GOLDAMAK» ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 25—26-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Antimonopol düzgünleşdiriş we bäsdeşligi goldamak» atly okuw maslahaty geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalat ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Telekeçiler we Senagatçylar birleşiginiň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Ykdysadyýet ugry boýunça halkara hünärmeni Anait Smbatýanyň alyp barmagynda geçirilen okuw maslahatynyň baş maksady Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen netijeli söwda syýasatynyň ähmiýetine bagyşlandy. Okuw maslahatynyň dowamynda bäsdeşligi goldamakda halkara tejribeleriň aýratynlyklary, köpmilletli kompaniýalaryň dolandyryş ýörelgeleri, Halkara ykdysady guramalaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin maglumatlar berildi. Bu maslahatda nazary hem-de amaly häsiýete esaslanýan maglumatlaryň berilmegi okuw sapagyna gatnaşyjylar üçin örän täsirli bolup, hünär bilimleriň ösdürilmegine goşmaça hyzmat edýär.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.