Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Parahatçylygyň ýaş çaparlary / Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi
    16/02/2022

    1103

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny geçirildi.
    Bäsleşigiň bu oýny «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly tema bagyşlandy. Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meretgeldi Durdymyradow, Aşgabat şäheriniň Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 7–nji orta mekdebiniň 11–nji synp okuwçysy Orazmyrat Berdiýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Seýran Kömekow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Mahym Kakaýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Baba Rejepow, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuñlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 11–nji synp okuwçysy Azat
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, YHG-nyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň şeýle-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Meretguly Öwlüýagulyýew dagy eminlik etdiler.
    Bäsleşigiň netijelerine görä Aşgabat şäheriniň Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa hem-de Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa 4-nji oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Täç hil» hususy kärhanasynyň gymmatbahaly sowgatlary we institutymyzyň degişli şahadatnamalary gowşuryldy. Bäsleşigiň nobatdaky oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Röwşen» hususy kärhanasy, «Täç hil» hususy kärhanasy hem-de «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

    Gülnar AKYLLYÝEWA,
    Eneş ATAJANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary.

    Çeşme şu ýerden alnan:

    https://ashgabat.in/2022/02/16/akyl-payhas-baslesiginin-nobatdaky-oyny-gecirildi/

    Soňky täzelikler

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüm jemlendi surady

    07/05/2025

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüm jemlendi
    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMINIŇ FINAL OÝNUNYŇ “BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI KUWWATYNYŇ  DABARALANMAGY” TEMASY surady

    25/04/2025

    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMINIŇ FINAL OÝNUNYŇ “BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI KUWWATYNYŇ DABARALANMAGY” TEMASY
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsümiň II ýarym final oýny surady

    25/04/2025

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsümiň II ýarym final oýny
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI