Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Onlaýn açyk sapak geçirildi
        • “NEÝRO TEHNOLOGIÝALARYŇ ETIKASY” ATLY WEBINAR
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    18/06/2025

    1909

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

    2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ikitaraplaýyn duşuşyk we institut boýunça tanyşlyk geçirildi.
    Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň çäklerinde bilelikdäki bilim maksatnamalaryny amala aşyrmagyň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda taýýarlamakdan ybarat boldy.
    1910-njy ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet, bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet edaralarynyň biridir. Ýeri gelende bellesek, Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň arasynda üç sany Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Olar: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutydyr. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi we ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary güýçlendirmegi maksat edinýär.
    Duşuşykdan soň institut boýunça tanyşlyk geçirildi. Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, türkmeniň ak öýi we institutyň okuw studiýasy, şeýle hem institutda hereket edýän nemes, türk kitaphanalary bilen tanyşdyryldy. Bu gezelenç hormatly myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
    Geçirilen duşuşyk we tanyşlyk türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, medeniýetara gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdeplerini halkara bilim giňişligine ýakynlaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň strategik maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädime öwrüldi.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk surady

    10/11/2025

    Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk surady

    03/11/2025

    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
    GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI surady

    21/10/2025

    GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI