02/04/2026
79
ZEMINIÑ TÄZE LYBASY
(oýlanma)
Gyşyň añzak sowugyndan soñ, zeminiñ täzeden dem alyp başlamagy hamala bir hekaýa mysalydyr.
Gün şöhlesi gojaman daglaryň gerşinden aşyp, sähralara ýylylyk çaýanda, tebigat täze reñkler dünýäsine öwrülýär. Ýaz bu tebigatyň iň çeper suratkeşidir. Ol her bir pudagy, her bir gülüñ okarasyny örän kämil we inçe yzygiderlilikde reňkleýär, bezeýär.
Mart aýynyñ dury asmany astynda sähralar al-ýaşyl begresine bürenýär. Meýdanlardaky çigildemler gyzyl reñkleri bilen gözleri gamaşdyrýar, onuñ baldajyklary bolsa, hamala ýeriň ýüreginden syzylyp çykan hyjuwly setirler ýalydyr. Ýaz ýagşy ýaganda toprakdan, daş-töwerekden gelýän ol ýakymly ys ynsany uzak geçmişiň iñ süýji ýatlamalaryna alyp gidýär.
Nowruz baýramy bilen gelen bu pasyl, täze ýylyñ we täze durmuşa gadam basýanlygymyzyñ bir alamatydyr. Bu pursatlar diňe bir ýagşyñ topraga gowuşmagy däl-de, eýsem žurnalistleriñ we ýazyjydyr bagşylaryñ täze ylhamlarynyñ dabaralanmasydyr.
Kemal WELMÄMMEDOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.