06/08/2025
216
Ýürekde — buýsanç, ýüzde — ýylgyryş (Söz sizden, meýletinçiler!)
Mälim bolşy ýaly, Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde guralýan ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryndan we mugallymlaryndan düzülen meýletinçiler topary döredildi. Olar daşary ýurtly myhmanlara terjimeçilik, ýolbeletlik, maglumat goldawy ýaly dürli ugurlar boýunça hyzmat edýärler. Şeýle meýletinçiler toparynyň düzüminde birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryň 300-den gowragy bellenilen ugurlar boýunça hereket edýär. Mundan başga-da, meýletinçiler bilen bir hatarda, ýaş wagyzçylaryň 20-den gowragy forumyň maglumat üpjünçiligine işjeň gatnaşýar. Biz hem şeýle asylly işe goşant goşýan ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby:
— Bu halkara maslahata taýýarlygyň çäklerinde guralan ýörite okuw sapaklarynda halkara protokol, medeniýetara aragatnaşyk, maslahatlary dolandyrmak boýunça taýýarlyk derejämizi ýokarlandyrdyk. BMG-niň wekillerine kömekçi hökmünde saýlanmagym nazary bilimlerimi amaly taýdan berkitmäge oňyn mümkinçilik boldy. Şunda men iňlis, rus, nemes we türk dilleri boýunça myhmanlara hyzmat edýärin. Biz — ýaşlar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň özümiz hakda edýän aladalaryny duýup ýaşaýarys. Bu maslahat bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
«Nesil».
Çeşme: "Nesil" gazeti - 5.08.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/203247
Latest News

02/08/2025
A SIGNIFICANT CONFERENCE
31/07/2025
Möhüm forum — maksatly menziller