
68
ÝURDUMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERINI ÖZÜNDE JEMLEÝÄN SERGI WE HALKARA YLMY MASLAHAT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi.
2025-nji ýylyň 10 − 12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, raýatlarymyzyň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri-de öz içine alýar.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik döredildi. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürledi. Mahlasy, halkara sergi hem ylmy maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyşda, bilim ulgamynda we sportda ýeten belent sepgitleri aýdyň şöhlelendirýär.
Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu gezekki çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlardyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak wekil gatnaşdy. Umuman, bu gezekki halkara sergi diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä lukmançylygynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmak üçin hem amatly mümkinçilikdir. Ol işewürler üçin täze başlangyçlary ilerletmek, lukmançylyk işgärleri üçin tejribe alyşmak babatda amatly meýdançadyr. Şeýle hem bu ýerde dürli ýurtlardan gelen ökde hünärmenlerden saglyk maslahatlaryny alyp boldy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet sylaglaryna eýe bolanlar netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabaralaryndan soňra, Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilýän giň gerimli forum saglygy goraýyşda, ylym-bilimde we sportda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bolsa oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň esasy ugrudyr.
Begenç ZARAWŞANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.