Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • INTERNATIONAL CONFERENCE IN THE CONTEXT OF THE BELT AND ROAD INITIATIVE
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
      • International days
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerledip
    Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerledip surady
    25/11/2025

    859

    Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerledip

    Türkmenistan döwletimiz adam baradaky aladany, onuň durmuş hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny içerki syýasatynyň hem-de halkara işiniň ileri tutulýan ugur edinip, bütin dünýäde ynsanperwer döwlet hökmünde belent abraýa mynasyp bolýar. Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

    Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyz syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk işlere girişýär. Şunuň bilen baglylykda, «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

    Asylly ynsanperwer wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, ekologik bilimi wagyz etmek, hemaýata mätäç raýatlara kömek bermek maksady bilen, döwletleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, gaznalaryň, dürli ýurtlaryň lukmançylyk, haýyr-sahawat edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek bu çäräniň baş maksadydyr. Şoňa görä-de, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygy gaznanyň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini açyp görkezdi.

    Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg şäherine sapary Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn başlangyç boldy. Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewanyň «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna, «Tawriçeskiý köşgi» döwlet toplumyna baryp görmegi hem-de W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Duşuşykda häzirki wagtda anyklaýyş, bejergi işinde ulanylýan biomedisina nanotehnologiýalary, biomedisina elektronikasy, biomedisina kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda tejribe hem-de maglumat alyşmagyň wajypdygy bellenildi.

    Iş saparynyň dowamynda Oguljahan Atabaýewanyň Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşandygyny hem bellemelidiris. «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda moda pudagyny, dokma senagatyny we dizaýny ösdürmäge bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän çäredir.

    Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýerine ýetirilýän işler, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada belläp geçdi.

    Soňra türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen hem duşuşdy. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.

    Daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen bolan duşuşyk hem netijeli häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu duşuşygyň lukmançylyk kömegine mätäç çagalara goldaw bermäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşler çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryny anyklamak we bejermek boýunça maksatnamalary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

    Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

    Şeýlelikde, Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.


    Ogulçynar MAGTYMGULYÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI