06/08/2025
209
Ýaşlar — dünýäniň geljegi (Söz sizden, myhmanlar!)
Ýurdumyzda BMG-niň ýokary derejeli maslahaty dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, düýn — 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak» atly Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy hem-de ýaşlar syýasaty bilen bagly ugurdaş çäreleriň ençemesi geçirildi. Hususan-da, Ýaşlar forumynyň dowamynda «Ýaşlar Jarnamasynyň» tanyşdyrylmagy we makullanylmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de degişli çözgütleriň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Günüň ikinji ýarymynda «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýrak gowşurylyş dabarasy guralyp, «Landlinked» sergisi açyldy, şeýle hem «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalarynyň tanyşdyryş çykyşlary diňlenildi. Halkara çärelere BMG-niň ýokary derejeli wekilleri bilen birlikde, dünýäniň dürli künjeginden Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçileriň hem gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Biz hem olaryň käbirleri bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi size ýetirýäris.
Diana ASSENOWA,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Meýletinçiler maksatnamasynyň wekili,
Gazagystan Respublikasyndan:
— Doganlyk ýurt bolan Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Bizi örän ýokary myhmansöýerlik däpleri bilen garşyladylar. Gojaman Hazaryň kenaryndaky Awazany görmek biziň üçin juda ýakymly boldy. Türkmen topragyna gadam basanymyzdan, bizi meýletinçi türkmen talyplary mähirli garşyladylar. Dünýäniň köp döwletinde bolup, halkara duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdyk. Şunda biziň işlemegimiz üçin Awazada döredilen ýokary şertlerdir hyzmatlar aýratyn bellenilmäge mynasyp. Şeýle ýokary derejeli maslahata wekilçilik edip, dünýäniň dürli ýerlerinden gelen ýaşlar bilen halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmagy uly bagt hasaplaýaryn. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
Bokim Beni NIHOZE,
Burundi Respublikasynyň «Trade Legacy Burundi» guramasynyň ýerine ýetiriji direktory:
— Häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşe gönükdirilen gepleşiklerde we çözgütlerde öz pikirini beýan edip bilmegi zerurlyk hasaplanýar. Sebäbi dünýäniň islendik künjeginde ýaşlaryň intellektual kuwwaty, maglumat tehnologiýalaryndan baş çykaryşy örän ýokary. Şunda BMG-niň ýokary wekilçilikli bu maslahaty, hususan-da, Ýaşlar forumy dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen özara pikir alşyp, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagymyz üçin özboluşly platforma boldy. Biz ýaşlaryň işsizlik meselelerini çözmek üçin dürli maksatnamalary we taslamalary işjeňleşdirmegiň täze usullaryny, bilim, hünär taýýarlygy ýaly meselelerde hyzmatdaşlygy strategik esasda ösdürmegi hem-de tejribe alyşmagy teklip etdik. Foruma gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Idris Adoum IDRIS,
Çad Respublikasynyň Daşky gurşaw üçin ýaşlar torunyň wekili:
— Türkmenistanda bolmak meniň üçin ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary bagyş etdi. Awaza ekologiýa taýdan örän arassa künjek eken. Biz bu ýerde syýahatçylygy ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyna göz ýetirdik. Hazaryň täsin kenarynda guralýan BMG-niň ýokary derejeli maslahaty barada aýtsam, bu forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda netijeli ädim bolar. Men Ýaşlar forumy bilen ugurdaşlykda geçirilen «Ýaş telekeçileriň analitiki makalalarynyň tanyşdyrylyşy» atly çärä gatnaşdym hem-de öz taslama-makalamy hödürledim. Bize işlemek üçin ähli babatda ýokary mümkinçilikler döredilipdir. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa, ähli guramaçylaradyr BMG-niň wekillerine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Taýýarlan
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: "Nesil" gazeti - 5.08.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/203248
Latest News

02/08/2025
A SIGNIFICANT CONFERENCE
31/07/2025
Möhüm forum — maksatly menziller