
27/08/2025
47
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzy iň bagtly adamlar ýaşaýan hem zähmet çekýän kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilýär. Şol işlerde halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alynýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde jaýdar belläp geçdi. Hakykatdan-da, häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasynda, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlener. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alyp maslahatlaşylar. Şeýle hem öňümizdäki şanly wakada il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlenip, hormatly atlary dakylar. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeleri kesgitlenip, täze meýilnamalar düzülip, kararlar kabul ediler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn syýasaty netijesinde ähli alnyp barylýan işler, döwlet ähmiýetli möhüm soraglar halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar. Şunda döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz hem geljekde dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin hiç birimiz zähmetimizi gaýgyrmarys.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.