18/11/2026
78
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda täze ädim
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi boldy. Bu möhüm duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilelikde baştutanlyk etdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belläp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygyny we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TAP) elektrik geçiriji hem-de süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary taslamalaryny durmuşa geçirmegiň wajyplygy ýene bir gezek nygtaldy. Hökümetara topar taraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, Hazar deňzi we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Günorta Aziýanyň arasynda netijeli ulag geçelgelerini döretmek babatda pikir alşyldy. Bu mejlisiň jemleri boýunça aşakdaky üç sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi:
1. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasy - bu esasy jemleýji resminama bolup, mejlisiň dowamynda gazanylan ähli ylalaşyklary berkidýär. Teswirnamada söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak, energetika (TOPH/TAPI gaz geçirijisi we TOP elektrik ulgamy), ulag-logistika geçelgeleri, şeýle hem, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky bilelikdäki işleriň geljekki ugurlary we Ýol kartasy kesgitlenýär.
2. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy we azyk howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama- bu resminama iki ýurduň oba hojalyk pudaklarynyň arasynda tejribe alyşmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy, tohumçylyk we maldarçylyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy hem-de azyk önümleriniň özara söwdasyny ösdürmegi göz öňünde tutýar.
3. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň (FPCCI) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk (ýa-da Bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek hakynda resminama)- bu resminama iki ýurduň hususy pudagynyň we işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Ol bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we duşuşyklary yzygiderli geçirmegi, maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyşmagy hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagy göz öňünde tutýar.
Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň bähbitlerine hyzmat etmän, eýsem bitewi bir sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bu gatnaşyklar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda energetika we ulag köprülerini gurmaga, sebitara ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýär. Ykdysady taýdan özarabaglanyşyk we bilelikdäki iri infrastruktura taslamalary Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge hem-de bitewi sebitde parahatçylygy üpjün etmäge itergi berýär. Ýokary derejeli duşuşyklar we hökümetara toparyň işi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny we syýasy ynamyň ýokary derejede saklanyp galýandygyny görkezýär.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby