
24/04/2025
428
TEIF 2025 HALKARA FORUMY
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) geçirildi. Forumyň esasy guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasy, “Türkmen Energiýa Forum” hojalyk jemgyýeti hyzmatdaşlyk etdi.
Forumyň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk we maliýe pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden we energetika pudagyň durnukly ösüşi barada gepleşikleri güýçlendirmekden ybarat.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen COP 28 klimat sammitinde Türkmenistanyň Global metan girewine goşulýandygyny belledi.
Şonuň esasynda bu forumyň mejlisinde metanyň zyňyndylaryny azaltmak bilen baglanyşykly gepleşikler geçiriler diýip bellenildi. Mundan başga-da Türkmenistan Aziýanyň nebit we gaz bazarynda esasy orun eýeleýär. Ýurduň uglewodorod baýlyklary 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir, bu bolsa 20 milliard tonnadan gowrak nebit we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazdyr. Şeýlelikde çeşmelerimiz tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikler bu forumda esasy üns merkezde bolar.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda iki möhüm mesele boýunça tegelek stol geçirildi. Ýagny, «Emeli aňdan peýdalanmak bilen uglewodorod önümçiliginiň geljegi: nebit-gaz ýataklarynyň kuwwatyny açmak» atly birinji tegelek stol innowasion tehnologiýalarda we nebit-gaz pudagynda emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerine gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde ugurdaşlykda “Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum kuwwatynyň ösüş mümkinçilikleri: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» atly ikinji tegelek stol geçirildi. Bu ýerde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we adaty energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinden çykýan iki ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda maýa goýujylar üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet JUMAGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.