
23/04/2025
218
"TEIF-2025" forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda halkara göçme maýa goýum forumy başlandy. Forum Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksadyny öz içine alýar. Energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maliýe ýaly ugurlary öz içine alýan forum dünýäniň iri kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Forumyň açylyşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Forumyň gün tertibine uglewodorod serişdeleri, nebitgaz senagaty we beýleki möhüm pudaklardaky maýa goýum mümkinçilikleri boýunça meseleler girizildi. “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa” atly bölümçede gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi, şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişi we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti bilen tanyşdyryldy.
Şeýle-de gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna gönükdirilen maýa goýum mümkinçiliklerine seredildi. Bu bölümçede, şeýle hem, Türkmenistanyň şäher gurluşygyndaky öňdebaryjy taslamalarynyň biri bolan, Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäher – Arkadag şäheriniň ösüşi we onuň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna üns berip, Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmaga bagyşlanan bölümçäniň dowamynda ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna, onuň gadymy täjirçilik ýollarynyň gaýtadan dikeldilmeginde, “TRACECA” başlangyjy esasynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuna garaldy. Şähergurluşyk barada aýdylanda, durnukly ösüşiň nusgasy bolup durýan Arkadag şäheriniň innowasion taslamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekmek zerurdyr.
Türkmenistan-Malaýziýa gatnaşyklarynyň giňeldilmegi eksport-import, ýokary tehnologiýalar, innowasiýa, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar. Duşuşykda gatnaşyjylar forumyň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigini nygtadylar.
Muhammetnur GARABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.