11/09/2026
107
PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK TAGLYMATY
Ynsan ömri pursatlardan düzülýär. Ýaşlyk bolsa adamyň iň bagtyýar, joşgunly hem gadyr-gymmaty deňsiz-taýsyz pursatlarynyň jemlenen döwri. Şonuň üçin ýaşlyk ömrüň baharyna deňelýär. Ýaşlykda okan kitaplaryň, alan ylmyň-bilimiň, öwrenen hünäriň misli daşa ýazylan deý aňyňda galsa, gazanan abraýyň, çeken zähmetiň geljekde bereket ýagmyry bolup üstüňe ýagýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri hökmünde ýaşlara döwletimiz tarapyndan uly ynam bildirilýär. Şu nukdaýnazardan, biz — ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmegimiz, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmagymyz ata Watanymyzyň öňündäki mukaddes borjumyzdyr. Ýakynda döwrüň keramaty, ýaşlaryň hem ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasatyna, halkymyzyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklarymyza, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki wezipelerine bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçmegi hem täze okuw ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bilen utgaşyp, türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent sepgitlere, ýeňişli menzillere ruhlandyrdy.
Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda halk arasynda aýdylýan şeýle pähmi jaýdar belleýär: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Bu paýhasly jümleleri okanyňda müňýyllyklaryň dowamynda dünýä taryhynda öçmejek yz goýan döwletleri döreden, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan halkymyzyň nesil terbiýesine näderejede ähmiýet berýändigine magat göz ýetirýärsiň. Hakykatdan-da, terbiýeli nesil — islendik döwletiň, islendik milletiň daýanjy, nurana geljegi, ýagty ertiri. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi babatdaky asylly ýol-ýörelgeleri dowamata atarylyp, ýaşlaryň watançy, kämil bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, dünýäniň dürli dillerinde erkin gürläp bilýän, milli garaýyşlara ygrarly ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimiz tarapyndan uly işler amal edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda: «Häzirki türkmen ýaşlary öz geçmişine buýsanmalydyrlar, halkymyzyň köp asyrlyk ar-namysyna, gyz edebine, ýigitlik mertebesine eýermelidirler» diýip nygtamagy-da, türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde pederlerimizden gelýän milliligimize berk eýermegiň zerurdygyny görkezýär.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda islendik döwletiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üçin oýlanyşykly, pähim-paýhasa esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmegi zerur. Hemişelik Bitarap Watanymyz hem dünýäniň 160-dan gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp baryp, halkara guramalaryň 50-den gowragynyň işine işjeň gatnaşyp, dünýä giňişliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň dowamynda beýleki möhüm ugurlar bilen birlikde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin durup geçmegi biz — geljekki halkaraçy hünärmenler üçin has hem täsirli boldy.
Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň mizemez binýadydyr. Halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymly häsiýete eýe bolýan häzirki döwründe bolsa, bu syýasatyň gadyr-gymmaty has hem artýar. Sebäbi oňyn Bitaraplyk syýasatynyň düýp özeni ynsanperwer ýörelgeler bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz hem umumy okuw sapagynyň dowamynda: «Bitaraplyk, ozaly bilen, öz tebigaty, dünýä garaýşy boýunça ähli döwletleriň we halklaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini hormatlamaga esaslanýan dialoga we parahatçylyga daýanýar. Hut şu garaýyşlar häzirki döwürde uzak möhletli parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün edip biler diýip pikir edýärin» diýmek bilen, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň umumadamzadyň abadan hem parahat durmuşyny berkarar etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyna üns çekdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üç gezek kabul edilmegi hem bu syýasatyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylygy döredijiligiň ykrar edilen ýörelgesi hökmünde kabul edilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.
Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň dowamynda bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamak barada bellemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň işine ýokary baha bermegi, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary hökmünde bizi has-da buýsandyrdy. Hormatly Arkadagymyzyň ýokary bilim ojagymyzda parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň geçiriljekdigini, şeýlelikde, ahyrky netije Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek bolup durýandygyny aýtmagy bolsa biziň kämil bilim almaga bolan hyjuwymyzy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasyny içgin öwrenmäge, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ylmy esasda özleşdirmäge bolan yhlasymyzy has-da goşalandyrdy.
Daragtyň kökleri näçe çuň boldugyça, ol şonça-da berk bolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry hem özüniň gözbaşyny halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan, şöhratly geçmişinden, ynsanperwer däplerinden alyp gaýdýar. Bu barada Milli Liderimiz ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny bir supranyň başyna jem eýläp geçen umumy okuw sapagynda: «Şu ýerde halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň egsilmezdigini aýtmak gerek. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir içerki döwlet işlerinde däl, eýsem, daşary syýasatda hem Azadynyň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Zeliliniň, beýleki görnükli akyldarlarymyzyň pähim-paýhasyndan ugur alyp, olaryň ynsanperwer taglymatlaryny durmuşa geçirmegi dowam edýär» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Hakykatdan-da, türkmen halky taryhyň islendik döwründe-de ynsanperwerligi ileri tutup, adamzat siwilizasiýasyna goşant goşupdyr, parahatçylyga, ösüşe hyzmat edipdir. Şeýle asylly ýol-ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynda ynsanperwer mazmunly Kararnamalaryň ençemesiniň kabul edilmegi hem tassyklaýar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Milli Liderimiziň umumy okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, onuň häsiýetli aýratynlyklary, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, döwletimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän halkara başlangyçlary dogrusynda pähim-parasada ýugrulan pikir-garaýyşlary, many-maňyzdan pürepür jümleleri geljekki hünär ýolumyza hemişe ýagty saçjak şamçyraga öwrüldi.
Goý, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edýän, tutuş dünýäniň parahatçylygy, ähli adamzadyň abadançylygy ugrunda oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara ýar bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 10.09.2026ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/249282