21/09/2026
80
NAZARYÝETDÄKI BILIM AMALYÝETDE KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Bedew batly aýdyň maksatlary nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Ylaýta-da, biz geljekki halkaraçy hünärmenler üçin nazaryýetde alan bilimimizi amalyýetde ornaşdyryp bilmegimiz has-da zerurdyr. Hut şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2013-nji ýyldan bäri institutymyzyň 5-nji ýyl talyplary döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Önümçilik tejribeliginiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir.
Maňa hem Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Tejribelik döwrümizde wekilhananyň alyp barýan işlerini, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň binýatlylyk esaslaryny, dürli resminamalaryň taýýarlanylyşyny we diplomatik endikleri içgin öwrenýäris. Şeýle-de tejribeligiň dowamynda ilçihana hem-de onuň konsullyk bölümine daşary ýurt raýatlaryndan, şeýle hem şol ýurtda bolýan watandaşlarymyzdan gelip gowuşýan dürli ýüztutmalar boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşýarys. Daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda önümçilik tejribeligini geçmegimiz diňe bir amaly taýdan däl, eýsem, bolýan döwletimiziň däp-dessurlaryny, medeniýetini we türkmen halky bilen meňzeşliklerini öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Aýratyn-da, Bişkek şäherinde geçirilýän okuw maslahatlara, konferensiýalara hem-de ilçihananyň wekilleri bilen bilelikde resmi duşuşyklara gatnaşmagymyz hünärimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar.
Hünär bilimimizi kämilleşdirmek üçin bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň, döwlet derejesindäki tagallalarynyň miwesidir. Biz — ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, saýlan hünärimiz boýunça kämilleşip, tejribe toplamagymyz üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby