
31/07/2025
189
Möhüm forum — maksatly menziller
Şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi belledi. Häzirki wagtda awgust aýynyň ilkinji ongünlüginde ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli iri syýasy çäräniň — BMG-niň Awaza forumynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy.
Ýeri gelende bellesek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar deňze territorial elýeterliligiň bolmazlygy, dünýä bazarlaryndan üzňe bolmak we olaryň ösüşine çynlakaý päsgel berýän ýokary söwda çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Kenarýaka portlaryna gönüden-göni girip bilmeýändikleri sebäpli, bu ýurtlar halkara bazarlaryna çykmak üçin üstaşyr geçirji ýurtlara bil baglamaga sezewar bolýarlar. Bu ýagdaý söwda transport çykdajylarynyň has ýokary bolmagyna, harytlary halkara bazarlara çykarmak üçin has köp wagt sarp etmäge we üstaşyr geçirji ýurtlarda hereket edýän syýasy we ykdysady durnuksyzlyga mejbury ýagdaýda bagly bolup galmaklaryna getirýär. Bu meseleler, köplenç, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň pes derejesi, çäkli eksport mümkinçilikleri we haýal ykdysady ösüş bilen baglanyşyklydyr.
Şotlandiýaly ykdysatçy we filosof Adam Smit özüniň «Milletleriň baýlygy» atly meşhur işinde, deňze çykalgalaryň we şoňa görä halkara söwda ýollaryna çykalgalaryň döwletleriň ykdysady işjeňliginiň görkezijileri üçin möhümdigini belläp geçipdir. Wagtyň geçmegi bilen gury ýer transporty we aragatnaşyk pudagyndaky ösüş kenarýaka döwletleriň gury ýerlerden artykmaçlyklaryny belli bir derejede azaldan hem bolsa, ýük daşamak häzirki wagtda hem dünýä söwdasynda esasy rol oýnaýar. Başgaça aýdylanda, haýsydyr bir döwletiň ykdysady taýdan kuwwatlylygy, artykmaçlygy onuň deňze çykalgasynyň bar bolmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, ara alnyp maslahatlaşylmagy we çözgütleriniň tapylmagyna garaşylýan köp sanly meseleleriň Awaza forumynda seredilip geçilmegine, netijede, gatnaşyjy döwletleriň bähbitlerini araýan oňyn kararlara ýetmeklerini üpjün etjek ylalaşyklaryň gazanylmagyna getirjek döwletli maslahatlaryň geçirilmegine garaşylýar. Bu maslahat geljek onýyllykda 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyna täsirli özgerişleri we ykdysady ösüşi durmuşa geçirmek babatynda çözgütleri tapmak üçin degişli meseleleriň toplumyna sereder.
Ýeri gelende aýtsak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky Kararynyň alynmagynda Türkmenistanyň bu hili iri halkara çärelerini geçirmekde gazanan baý tejribesi göz öňünde tutulandygyny bellemek zerurdyr. 2022-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty üstünlikli geçirilipdi we ulag-logistika pudagyny öz içine alýan dürli meseleleri tertipleşdirmek boýunça degişli kararlar alynypdy. Has dogrusy, bu wajyp halkara ähmiýetli meseläni halkara derejesinde gurnamak we abraýly geçirmek babatynda Türkmenistanyň oňyn halkara tejribesini, ösýän halkara abraýyny bellemek diýseň buýsandyryjy wakadyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy «Awaza» maksatnamasy» — diýlip atlandyryljakdygy, şeýle hem bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçirmek barada karar kabul edildi. Şu ýerde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara giňişligindäki uly ähmiýete eýe bolýan umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini we gyzgyn goldanylýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiz bu halkara maslahaty guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek barada ýörite Karar kabul etdi. Şeýle hem ýakynda, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekildi.
Umuman aýdanymyzda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky geçiriljek halkara maslahat täsirli çözgütleri tapmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda platforma bolmak üçin niýetlenendir. Maksady ösýän ýurtlara bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmek we has adalatly we gülläp ösýän geljegi üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri durmuşa geçirmekdir.
Nurberdi AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy,
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi.
Çeşme: "Arkadag" gazeti - 31.07.205 ý. // Möhüm forum — maksatly menziller
Latest News

02/08/2025
A SIGNIFICANT CONFERENCE