62
MEDENIÝET HEPDELIGI — TÜRKMEN MILLETINIŇ RUHUNYŇ DABARASY
Her ýylyň iýun aýynda giň gerime eýe bolup geçirilýän Medeniýet hepdeligi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna berilýän ýokary derejedäki sarpanyň aýdyň beýanydyr. Bu hepdelik diňe bir döredijilik adamlarynyň baýramy bolman, eýsem halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, milli ýörelgeleriniň, halk döredijiliginiň giňden dabaralanýan döwri bolup durýar.
Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda her ýyl göçme görnüşde geçirilýän Medeniýet hepdeligi dürli döredijilik çärelerini — sahna oýunlaryny, konsertleri, sergileri, edebi-okuw duşuşyklaryny, kino görkezilişlerini we ylmy-amaly maslahatlary öz içine alýar. Bu çäreler ýurdumyzyň medeni ösüşini, döredijilik mümkinçilikleriniň giňligini hem-de sungatyň jemgyýetdäki ähmiýetini açyp görkezýär.
Medeniýet hepdeligi halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan baý medeni mirasyny wagyz etmek bilen birlikde, häzirki zaman türkmen sungatynyň ösüşini hem beýan edýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaş döredijiler üçin döredilen giň mümkinçilikler netijesinde, bu çärede täze döredilen eserler, ýaş zehinler hem özleriniň ukyp-başarnyklary bilen çykyş edýärler.
Hepdelik diňe paýtagtymyzda däl, eýsem welaýatlarda hem geçirilip, ýurduň ähli künjeklerinden gelen sungat ussatlaryny, edebiýatçylary, medeniýet işgärlerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen gutlagynda: “Häzirki döwürde medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky ösüşlere uly goşant goşýarlar. Biz geljekde-de medeniýet ulgamyny ös-dürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak we amatly iş şertlerini döretmek babatda ähli zerur işleri alyp bararys” diýip, bellemegi ýurdumyzda medeniýet ulgamynda uly ösüşlere ýetiljekdigine ynam döredýär. Şu belent ýörelge esasynda her ýyl geçirilýän
Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy baýlaşmagyna, ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, döredijilik ruhunda terbiýelemäge möhüm goşant goşýar.
Medeniýet hepdeligi diňe bir döredijilik dabarasy bolman, eýsem, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagyna, ýaş nesliň milli ruhda kemala gelmegine hem hyzmat edýär. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň parahatçylygyň, ösüşiň, agzybirligiň nyşany hökmünde dünýä ýaň salmagyny üpjün edýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güniniň bellenýän günlerinde dabaraly bellenip geçilýän bu sungat baýramy uly şatlyk-şowhun bilen dabaralara beslenýär. Şahandaz türkmen halkynyň at-abraýyny, akyldar şahrymyz Magtymguly Pyragynyň ebedi eserleri aýdym-sazlary, sungat eserleri arkaly dünýä ýaň salýar.
Ata Watanymyzda şeýle dabaralary bellemäge, uly şertleri mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjennet ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.